Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylyp, Garaşsyz Diýarymyzda ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýär.
Bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri tebigatdan paýhasly peýdalanmagy, ony gorap saklamagy ündäpdirler. Bu günki eşretli zamanamyzda bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize görkezýän görüm-göreldesine eýerip, türkmen halkyna ylaýta-da, ýaşlarymyza bag ekmek, ajaýyp tebigatymyzy goramak we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak baradaky düşünjeleri bermegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýerliklidir.
Bag — durmuşymyzyň ajaýyp bezegi, tebigatyň ynsana beren peşgeşi, tebigat bolsa, ýaşaýşyň abadanlygydyr. Ata-babalarymyzyň «Bagy baryň saýasy bar», «Bagym bar, barym bar», «Bag ekeniň ömri uzak», «Bag ekeniňki, ýap çekeniňki» diýen ýaly parasatly sözlerine eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bag ekmek ýaly sahawatly işlerde öz şahsy göreldesini görkezýär. Munuň şeýledigini, ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda güýz hem-de ýaz aýlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäresiniň yzygiderli geçirilmeginde hem aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Onda saýalyk we pürli, miweli we bezeg baglarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Şoňa görä hem geçirilýän köpçülikleýin bag oturtmak çäresine uludan-kiçi hemmeler işjeň gatnaşýarlar. Bag ekmek ýaly sogaply işleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň bagy-bossanlygyny, türkmen tebigatynyň gözelligini has-da artdyryp, arassa we päkize howa adamlaryň saglygyna şypa berýär. Bu işler aýratyn hem ýaşlary ekologiýa taýdan terbiýelemäge, olarda zähmet endiklerini kemala getirmäge ýakyndan ýardam berýär.
Mahlasy, biziň arassa asmanly, parahat durmuşly ýurdumyz, kesewiňi dürtseň gögerdip bilýän keremli topragymyz bar. Hut şonuň üçin hem tebigatymyzy goramak we aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr!
Biz hem geljek-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda tebigaty goramakda we ony aýawly saklamakda alyp barýan asylly işlerine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, halkymyzy bagtyýar günleriň goýnunda ýaşadýan, Garaşsyz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmekde belent maksatly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.