SPORT — ÝAŞLARYŇ GUJURLY GÜÝJI

     Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň gadamlary barha batlanýar. Şeýle asylly işlere jogap edip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy maksady bolup durýar.

     Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminde ýaş türgenleriň arasynda sportuň milli göreş görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş «Sport — ýaşlaryň gujurly güýji» diýlip atlandyryldy.

     Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly nesil bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşik ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berdi. Şeýlelik-de, bäsleşige kemsiz taýýarlykly gelen ýaşlar ýokary netijeleri görkezdiler. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

     Geçirilýän bäsleşikleriň her biri hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna görkezýän görüm-göreldesiniň, olaryň sagdyn bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin siňdirýän yhlasynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň miwesidir.

 

 

 

Rahym GARLYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK