Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlary toýlara ulaşýan parahat ýurdumyzda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygynyň baýramyna uly taýýarlyk görülýär. Bu sene döwletimiziň bank ulgamynda şatlykly we guwançly waka bolup, geçen döwrüň içinde milli manadymyzyň hümmetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirildi. Häzirki günlerde hem, türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli etrabymyzda dabaraly maslahatlardyr, aýdym-sazly çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şu gün, türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Milli manadymyz-ykdysady ösüşimiziň nyşany» diýen at bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň «Halkbank» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň Sakarçäge şahamçasynda geçirilen baýramçylyk duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi gurady. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de bank ulgamynda zähmet çekýän işjeň ýaşlar gatnaşdy.
Baýramçylyk duşuşygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda güneşli Diýarymyzyň ösüş-özgerişli menzilleri külterläp, batly gadamlar bilen ynamly öňe barýandygy, halk hojalygynyň dürli pudaklary bilen bir hatarda, bank we maliýe ulgamlarynda ýokary netijelere eýe bolýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar bank ulgamynyň işgärlerini türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlap, döwletli döwranly döwürde eşretli ýaşaýşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Owadan ATDAÝEWA ,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.