Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adalatly ýörelgesini dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim we ylym ulgamlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, ýaşlar syýasatyny ösdürmek ugrunda edýän bimöçber aladalary häzirki eşretli zamanamyzda özüniň ajaýyp miwelerini berýär.
Golaýda, umumybilim berýän mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşigiň Ýolöten etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» diýen temada iňlis dilinde düzme (esse) ýazmak boýunça geçirilen bäsleşige mekdep tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdy.
Bäsleşigiň etrap tapgyry Ýolöten etrabynyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde geçirilip, bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara berýän gymmatly maslahatyndan ugur alyp, daşary ýurt dillerini öwrenýän mekdep okuwçylarynyň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün etmekden, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmakdan, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekden, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda ýörite düzülen eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Guramaçylar tarapyndan ýeňijilere, baýrakly orunlaryň eýelerine we işjeň gatnaşan okuwçylara sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Goý, «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.