TÜRKMEN ALABAÝY — EDERMEN GORAGÇY WE WEPALY DOST

      Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen alabaý itleridir. Türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalyp, tohum itleriň arasynda iň naýbaşysy hasaplanylýar. Milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi ýurdumyzda türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Çünki milli gymmatlyklarymyzyň içinde hüşgärligi, wepalylygy, çydamlylygy we duýgurlygy bilen tapawutlanýan Türkmen alabaýlarynyň mynasyp orny bar.

      Golaýda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Wekilbazar etrabynyň merkezi kitaphanasynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hem-de şol merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk duşuşygyna kitaphana işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. «Türkmen alabaýy — edermen goragçy we wepaly dost» ady bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi.

      Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi, wepaly bolan goragçy alabaý itleriniň hem milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň hataryndadygy dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň halkymyzyň wepalygy hemrasydygy baradaky täsirli gürrüňleri bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.

      Çykyşlarynyň her birinde, döwletli döwranly döwürde eşretli ýaşaýşy peşgeş beren, türkmen alabaýlaryny dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Döwlet BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER