Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, däp-dessurlara we milli gymmatlyklara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemekGugrunda uly işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň, ýokary, ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly çäreler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Golaýda şeýle çäreleriň biri Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebinde geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alnyp geçirilen özara bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi gurady. Oňa şol mekdepde bilim alýan okuwçy gyzlar gatnaşdy.
Ýaşlarda ene-mamalarymyzdan gelýän gelýän el işlerine söýgi döretmek, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen «El hünäri — il gezer» ady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy gyzlar keşde çekmek, tikin tikmek, jähek kakmak ugurlar boýun özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Olar şertleri uly höwes bilen sünnäläp ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde ýeňijiler yglan edildi we olara guramaçylar tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi okuwçy gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýakyndan ýardam edýär.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.