WOLEÝBOL BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIK

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

      Golaýda ýaşlary sporta höweslendirmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Baýramaly şäherinde welaýatyň çäginde ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Baýramaly şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, şäher bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş gyzykly we çekeleşikli häsiýetde geçdi.

      Öz aralarynda bäsleşen ýaşlar, bu babatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde 1-nji orna Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, 2-nji orna Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň, 3-nji orna Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy toparlary mynasyp boldular.

      Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle ýeňişler türgenlerimizi täze üstünliklere galkyndyrdy.

 

Baýramgeldi GAÝYPOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER