Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy mynasybetli Mary welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten we Murgap etrap Geňeşleriniň we Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik «Arşa galsyn şöhratyňyz-şanyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýlip atlandyryldy.
«Tegelek stoluň» başyndaky çykyşlarda Halkara syýasatda 30 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli berkidip gelýändigi, taryhy wakalar bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen sammitde öňe sürülen anyk teklipler barada täsirli söhbetli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.