Golaýda Ýolöten etrabynyň 19-njy orta mekdebinde Ýolöten we Türkmengala etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn çagalar — röwşen geljegimiz» atly maslahat duşuşygy geçirildi. «Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» wagyz-nesihat etmek maksady bilen guralan duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler we ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda Ýolöten etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa we Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa çykyş edip, Lukman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Soňra, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşiniň ýaşaýjysy Narmeňli Allakowa, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikler boýunça bölümçesiniň gözegçisi Humaý Amangeldiýewa, etrap hassahanasynyň lukmany Maýagözel Hümmedowa, etrabyň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Amangül Berdiýewa dagylar çykyş etdi. Çykyşlarda enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň we berkitmegiň, olary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, çagalaryň, ýetginjekleriň iýmitlenişini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ynsan saglygyny goramak hem-de dikeltmek ugrunda yzygiderli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar!
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.