Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzyň gymmatly baýlygy bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdiren pagtaçy kärendeçileriň gadamlary batly. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Garagum etrabynyň «ak altynly» meýdanlarynda pagtany ýitgisiz ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şu jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde etrabymyzyň babadaýhanlaryny, mehanizatorlary, kombaýnçylary höweslendirmek maksady bilen duşuşyklar, medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Golaýda Garagum etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap birleşmesiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän kärendeçileri, ýygymçylary höweslendirmek hem-de pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen geçirilen çäre «Ak altyn — ak bagtymyz» diýlip atlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çäräniň şowhunyny has hem artdyrdy. Çäräniň dowamynda öňdebaryjy mehanizatorlar, ýygymçylar TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşi hem-de TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Çärä gatnaşyjylar gowaçanyň bol hasylyny almakda ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.