TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Golaýda Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli boldy.

     Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän ynsanperwer taglymatynyň hem-de howandarlyk ýörelgesiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigi dogrusynda buýsançly bellediler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň Arkadagly Serdarymyza gowşurylmagy şatlygyna şatlyk goşup, türkmen ýaşlarynyň yhlasly okamaga, joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrandygy, bu belent serpaýyň täze taryhy döwürde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly sahawatly işleriniň dabaralanmasy bolýandygy barada täsirli gürrüň edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy baradaky buýsançly gürrüňler bolsa söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklary we durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Kakajan TÄÇGULYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER