Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşiň kämil derejesi bilen bagta barýan ak ýollarda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Eziz ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde, halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şüphesizdir. Şu günler etrabymyzyň çäginde halypa-şägirtlik ýoluny kämilleşdirmekde we ony durmuşa ornaşdyrmakda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklardyr, dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär.
Golaýda şeýle çäreleriň biri Sakarçäge etrabyndaky çagalar we sungat mekdebinde geçirildi. «Halypa bir daragt bolsa, şägirt onuň miwesi» ady bilen geçirilen aýdym-sazly duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de etrabyň çagalar we sungat mekdebi bilelikde gurady. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryny durmuşa geçirmek, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek we dowam etdirmek maksady bilen guralan çärä şol sungat mekdebinde bilim alýan okuwçylar, mugallymlar hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmäge we dünýä ýaýmaga,olary geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açylýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni we ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek we olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyzdygy dogrusynda çykyşlarynyň dowamynda uly joşgun bilen belläp geçdiler.
Şeýle hem çykyşlarynyň her birinde halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmeklige giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gülüstan NURYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.