GYZYKLY GEZELENÇ

     Ýurdumyzda ýaş nesiller hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Güneşe baý bolan eziz Diýarymyzda tomus paslynyň dowam edýän günlerinde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Şeýle ajaýyp pursatlaryň biri hem paýtagtymyzdaky medeni dynç alyş seýilgählerinde dowam edýär. Paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähinde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda gezelenç duşuşygy geçirildi. Bu ýerde çagalara seýilgähiň aýratynlyklary dogrusynda gyzykly gürrüňler berildi. Seýilgähde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin owadan bezegli oýnalýan meýdança ýerleşdirilipdir, ol ýerde çagalar gyzykly oýunlar oýnadylar. Geljegimiz bolan ýaş nesiller hakynda aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Gülaýym AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI