ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYÝAR GELJEGIŇ ŞÄHERI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat hem-de Arkadag şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň iki ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşigi ýazga geçirildi.

Gepleşige gatnaşan ýaş hünärmenler öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen kemala gelen, dünýä nusgalyk şäheriň türkmen ykbalyna nur çaýandygy, dünýä ýüzünde uly üstünliklere eýe bolandygy, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişli bolup, olaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, hünär eýeleri bolmagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler hem-de Arkadag şäheriniň iki ýyllyk toýy bilen gutladylar.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ý.ý.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI