TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY: PARAHATÇYLYGYŇ, ROWAÇLYGYŇ WE AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, geljege bolan ynamy berkidýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan we halkymyzy garaşsyzlygyň hem parahatçylygyň tugunyň astynda jebisleşdirýän baýramdyr. Bu şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda konsertler, sergiler hem-de sport ýaryşlary guralyp, halkymyzyň baý däplerini, ruhy gymmatlyklaryny, nesilleriň agzybirligini we täze sepgitlere ymtylmagyny beýan edýär.

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Baýramçylyk dabarasy çykyşlar bilen başlanyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hem-de Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi baradaky arzuw-niýetler beýan edildi. Çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyzyň parahatçylykly, durnukly hem-de abadan durmuşynyň berk binýadydygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabaraly çäre halkymyzyň baý milli mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna daýanyp, geljege ynamly ädimler bilen öňe barýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nedir ITALMAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 64 okalan

DÜZGÜNLERI BILMEK BIZIŇ BORJUMYZ!

26 Sentýabr 2025 | 47 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI