MILLI MIRAS NESILLERE GÖRELDE

     Asuda, abadan durmuşda ýaşaýan mähriban Watandaşlar. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurlarynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserlerini okan pursadyň ýer ýüzüniň abatlygy, durmuşyň gönezligi, türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri, ylym-bilimiň ähmiýeti, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, milli medeniýetimiz, sungatymyz barha beýgelýär. Ata-babalarymyzdan müdimilik serpaý bolan ýörelgeleriň içinde ene-mamalarymyzyň hem aýratyn orny bar.Halkymyzda «Zenan begense dünýä begener» diýen ganatly söz bar. Geçmiş bilen şu günüň özboluşlylygy hakynda ýumagyny çözledigiňçe zenan maşgala bolan hormatyň artýar. Zenanlaryň tebigy owadanlygy, dogumlylygy, parasatdan-pähimden hem mähirden doly kalby dünýä nur bolup çaýylýar.

     Aýratyn-da zenan maşgalanyň on barmagyndan döreýän gözel el işlerimiz dünýä nur çaýýar. El işlerimiziň içinde iň ýörgünli işleriň biri bolsa alaja bolup durýar. Türkmen zenanlary ähli döwürlerde-de milliligimizi saklap gelipdirler. Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary we olary örmek üçin iş guralyny sowgat berilmegi, munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan milli gymmatlyklar häzirki döwürde ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep bolup durýar. Aslynda alajaly egin-eşigi geýen adamy gözden-dilden goraýar diýip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr. Elbetde, parasatly ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr. Aýratynda ýaş nesillerimizi millilik ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Watanymyzda alnyp barylýan işleriň ählisi adamzat bähbitli işlerdir. Şu aýdylanlar ugur alyp Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlaryň sag, ömürleriň uzak bolmagyny , alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI