WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Prokuraturasynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýaş neslini milliligimize, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, edep-ekramly, ahlak taýdan arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar geçirilýän maslahatda raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça uly işleri alnyp barylýandygy hakynda gürrüň berdiler. Zyýanly endikleriň durmuşda ýüze çykýan kynçylyklaryň, birnäçe betbagtçylyklaryň üstünden eltýänligini, munuň ýaly hadysa jemgyýetimiz bolup göreşmelidigimizi bellediler. Şeýle hem, raýatlaryň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Ykballarymyza bagt nuruny çaýan, halkymyzy has-da eşretli günlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI