Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Adamyň bütin ömrüni çagalykda, ýaşlykda alan terbiýesi kesgitleýär. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň edep-terbiýesiniň kämil derejede bolmalydygyny häli-şindi nygtap geçýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary ýokary ahlak, watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladalary ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özeni, nesilden-nesle geçen milli ýörelgämiziň dowamaty bolup durýar. Ýaşlarymyz ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça ýagny, medeniýetimizde, sungatymyzda, ykdysadyýetimizde, saglyk ulgamynda, döredijilikde aýratyn hem sportda uly ösüşleri gazanýarlar. Ýaşlarymyzyň sport ulgamynda ýetýän belent sepgitleri, eýeleýän uly ösüşleri ýurt baştutanymyzyň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleriniň çäksizliginiň aýdyň subutnamasydyr. Ine şu nukdaýnazardan ugur alyp, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi, TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 139-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeleriň gatnaşmagynda, ösüp gelýän körpejeleri sporta çekmek we olarda çalasynlygy ösdürmek maksady bilen «sagdyn nesil — sagdyn geljek» atly şygar astynda sport bäsleşigi geçirildi. Onda körpejeler sportuň birnäçe görnüşleri boýunça dürli şertleri uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Begenç MERETGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.