MÄHIR SIŇEN NEPISLIK

     Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde ene-mamalarymyzdan miras galan milli sungatymyzyň gözelligi we bu babatda nusgalyk mekdebe öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejemiziň nepis el işleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy bilen bagly buýsançly wagyz-nesihat, maslahat çäresi geçirildi. Maslahatda ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary oňa gatnaşanlarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Beýik ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen muzeý gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr. Milli gymmatlyklary Döwlet muzeýine gowşurandygy üçin muzeý işgärleriniň we ähli türkmen gelin-gyzlarynyň adyndan Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Bibigözel AÝYMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI