BAGTYÝAR NESILLER

     Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim bermekde ähli mümkinçilikler döredilýär.

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň körpeje çagalaryň mynasyp orny bar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda körpe nesliň öz boş wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmekleri üçin Aşgabat şäherimizde birnäçe seýilgähler hereket edýär. Şeýle seýilgähleriň biri bolsa Aşgabat seýilgähi bolup, bu seýilgähde dynç almak, wagtyny şadyýan geçirmek üçin ähli mümkinçilikler körpeje çagalar üçin gyzykly atraksionlar ýerleşdirilen. Golaýda Aşgabat seýilgähinde Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda körpeje çagalaryň, medeniýet sungat mekdeplerinde okap bilim alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly şeýle hem sorag-jogaply çäre geçirildi. Çärede işjeň gatnaşan körpeje çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar berildi.

     Häzirki wagtda ösüşlerden ösüşlere barýan mähriban Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap, kämil bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI