Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynyň gapdal diwarynyň golaýynda ýerleşýän alty sany göze ilmeýän kiçijik agaçlar her ýyl gülleýän döwri we ir-iýmişleriniň emele gelişi bilen görenleri haýran galdyrýar. Miweli agaçlar ýabany ösümlikleriň biri hasaplanýan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Buasýe armydydyr.
Bu seýrek görnüşli agaçlaryň şahalary Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň daglyk ýerlerinden getirilip, şäheriň merkezinde oturdyldy. Şondan bäri olar paýtagtymyzyň bu ýerini bezäp, şu ýerde işleýän alymlary we köçeden geçýän adamlary begendirýärler. Bu dag ösümliginiň – ýabany armydyň tebigatda hem örän seýrek duşýandygyny köpler bilmeýär.
Häzirki wagtda bu agaçlar alça ýaly ownuk miweleri berýär, olaryň şahalary dişli armyt şekilli ýapraklar bilen örtülendir. Olar bazarda tomusda satylýan şirin we şireli armyt miwesinden düýpgöter tapawutlydyr. Güýz paslynyň ahyrynda bu miweler hoşboý ysly, turşumtyk we sarymtyk goňur reňkli bolýar. Baglaryň galyňlygyna seretseň, agaçlar ýigrimi ýaşdan köp däl ýaly. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Gülnabat Jumamyradowa şeýle gürrüň berýär:
– Buasýe armydy azalyp barýan dag endemigi bolup, ol Günorta-Günbataryň we Merkezi Köpetdagyň ösümlik örtüginde duş gelýär. Bu görnüş Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar. Bu görnüşler Günorta Hyrkan ösümlik dünýäsiniň wekili bolup, ýurdumyzyň Günorta-Günbatar böleginiň gury subtropiklerinde saklanyp galan öňki, has çygly howa döwrüniň mirasynyň bir bölegi.
Türkmenistanda adaty bag armytlarynyň görnüşlerinden başga-da, Buasýe armydy bilen birlikde, daglyk ýerlerde giňden ýaýran türkmen armydy (endemik), Regel armydy we botanik-sistematik Aleksandr Pawlenko tarapyndan täze açylan ýaprakly armyt görnüşleri bar.
Aşgabatda ýerleşýän Buasýe armydy boýunça ýygnalan maglumatlara görä, ösümlik gün şöhlesini halaýar. Açyk meýdançalarda onuň ýapraklarynyň uzynlygy artýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynyň golaýynda ýerleşýän agaçlar ýagty ýerlerde ýerleşdirilipdir. Kölege düşýän ýerlerde olaryň ýapraklary seýrekleşýär. Tebigatda bolsa, ösümligiň ýokary böleginde, ýagtylykda fotosintez gowy geçýän ýerde ýapraklar uly bolýar. Aşakda bolsa – kölege düşýän ýerde ýapraklar ownuk bolýar, sebäbi ýagtylygy beýleki ösümlikler tutup bilýär.
Aşgabatda ýerleşýän nusgalaryň ýagdaýy örän gowy, bu bolsa bagbanlaryň olara gowy ideg edýändigini görkezýär. Bu agaçlaryň «eliň aýasynda» bolup bilmegi üçin oturdylmagy – biologik dürlüligi goramak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak ugrunda alnyp barylýan ylmy işleriň ähmiýetini görkezýär. Eger-de bagbanlar şeýle seýrek agaçlary ösdürmek isleseler, olara örän az mukdarda suw bermelidigini, ýeri hökman ýumşadyp durmalydygyny ýatdan çykarmaly däldir. Bu Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň seýilgählerinde seýrek we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň ilkinji ekilip geçirilişi däl. Öň hem bu ýerde botanika professory Jumamyrat Kurbanowyň bölek ýerinde ýaz paslynda Guşgy çigildemi, ýabany soganlar we Radde gülleri ýaly ösümlikler ösýärdi. Buasýe armydy howanyň oňaýsyz şertlerine, kesellere we zyýan berijilere garşy çydamlylyk berýär. Köp ýabany ösümliklerde bolşy ýaly, Buasýe armydy hem güýçli doňaklyga, guraklyga çydamly we toprak talap etmeýän, bally ösümlikdir.
turkmenistan.gov.tm