Dil kämillikdir, giň dünýägaraýyşdyr.
Islendik halkyň dilini öwrenmek arkaly olaryň medeniýetini öwrenmäge hem mümkinçilik döreýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmegi «dostluk köprüsi» diýip atlandyrýarlar.
Ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak ýaşlary kämil edip ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Şonuň üçin hem bilim öwrenmegiň iň täze usullary, netijeli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Esasan hem, dil öwretmekde, dünýä dillerini özleşdirmekde dürli usullar işlenip taýýarlanylýar.
Talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çalt öwrenip, söz baýlygyny artdyrmaklary üçin, ilkinji nobatda, olaryň arasynda sözleýiş diliniň köp ulanylmagyna üns berilýär. Geçilýän sapaklarda talyplaryň biri-birleri bilen sorag-jogap alyşmaklary, görkezme esbaplaryndan, wideoýazgylardan peýdalanylmagy, dünýä dillerinde ýazylan kiçi göwrümli eserleriň terjime edilmegi, dürli sahna oýunlarynyň ýerine ýetirilmegi sözleýiş diliniň ösdürilmeginde örän ähmiýetlidir. Bu babatda häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň, döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar.
Durdy MAMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygy.