Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty we medeniýeti taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna ýetdi.
Türkmen halky öz milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly, edermen, namysjaň türkmen alabaý itleri hem dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler.
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Türkmen alabaýy» atly sergili döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu sergä sungat ojagymyzyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary özleriniň döreden ajaýyp sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler öz ýürek buýsançlaryny, ylham joşgunlaryny eserlerine siňdirip, türkmen alabaýynyň wepalylygyny, gaýduwsyzlygyny ussatlyk bilen görkezdiler. Sergide sungatyň ähli ugurlary boýunça, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika, dizaýn we zergärçilik sungatlarynda türkmen alabaýynyň keşbi özboluşly beýan edilýär. Sungat eserleriniň arasyndan Göwher Öwezowanyň «Gyzykly pursat», Laçyn Taganowanyň «Mähir», Serdar Osmanowyň «Dostlygyň ilkinji ädimi», Mähriban Baýramowanyň «Alabaý», Arslan Ahmedowyň «Edermen alabaý» ýaly ençeme ajaýyp eserler serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy we naýbaşy eserler sungat muşdaklarynda hem uly täsir galdyrdy.
Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, ony giňden wagyz etmek hem-de ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek ugrunda döredip berýän şertdir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Oguljan DAÝYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti»
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.