Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklarda giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamy ösdürmek halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni baglydyr. Munuň özi bolsa ýurdumyzda ýokary derejeli, giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty ýokary okuw jaýlarynda, orta mekdeplerde we ýöriteleşdirilen bilim merkezlerinde sanly tehnologiýalar, emeli aň, programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlarda okadylyp bilinjek täze dersleriň we okuw meýilnamalarynyň girizilmegine giň ýol açýar. Bu bolsa ýaşlaryň öňdebaryjy bilimlere eýe bolmagyna we halkara bäsdeşlige ukyply hünärmenler hökmünde ýetişmegine oňyn täsir edýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda tehnologiýa ugurly özgertmeler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hususan-da, sanly bilim platformalary arkaly uzak aralykdan okuw, okuwlaryň onlaýn görnüşde geçirilmegi, elektron kitaplaryň we platformalaryň giňden ulanylmagy häzirki wagtda ýaşlaryň bilim derejesini täze basgançaklara çykarýar. Sanly bilim ulgamy diňe bir okuwçylaryň we talyplar bilen bir hatarda professor-mugallymlar düzüminiň hem öz bilim derejelerini döwrebaplaşdyrmagyna mümkinçilik berýär.
Sanly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň hem artmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara derejedäki dürli sanly forumlara we hyzmatdaşlyklara işjeň gatnaşýar. Bu bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, döwrebap tehnologiýalaryň ýurdumyza getirilmeginde we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly, ylmy-tehnologik taýdan ösen döwlete öwrülmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik syýasaty halkymyzyň geljegini ýagtylandyrýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletimiziň ösüş ýoluna alyp barýan beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Batyr BEGENJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.