Küşt — diňe bir akyl oýny bolmak bilen çäklenmän, eýsem beýniniň güýjüne, pikiriň çuňlugyna, öňdengörüjilige we logiki düşünjä esaslanýan giň dünýägaraýyş mekdebidir. Bu oýun bilen matematika ylmynyň arasynda berk baglanyşyk bardyr. Sebäbi olaryň ikisinde-de ulgamlaýyn pikirlenmek, strategiýa düzmek, meseleleriň çözgüdini gözlemek ýaly aýratynlyklar möhüm orun eýeleýär.
Mekdep okuwçylary üçin geçirilýän halkara matematika olimpiýadalarynda käwagt küşt bilen baglanyşykly meseleler hem gabat gelýär. Bu hem iki ugruň arasyndaky baglanyşygyň tassyknamasy bolup durýar. Şonuň üçin küştde üstünlik gazanan adamlaryň arasynda matematika bilen çuňňur meşgullanan şahsyýetler hem az däl. Mysal üçin, dünýäniň küşt boýunça çempionlaryndan E.Lasker bilen M.Eýwe matematika ylymlarynyň doktorlary bolupdyrlar. M.Eýwe diňe bir grossmeýster bolmak bilen çäklenmän, eýsem matematika mugallymy hökmünde sapak berip, Gollandiýanyň Matematika merkezine ýolbaşçylyk hem edipdir. Şeýle hem tanalýan küşt äleminiň ýyldyzlaryndan M.Tal we A.Karpow hem matematiki pikirleniş ukyby bilen tapawutlanypdyr.
Küşt oýny beýniniň iki ýarymşarynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär, bu bolsa logiki we abstrakt pikirlenmek ukyplaryny ösdürýär. Bu günki gün eziz Diýarymyzyň zehinli ýaşlary hem dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara küşt ýaryşlarynda we matematika olimpiýadalarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu üstünlikleriň özeninde bolsa Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýän parasatly döwlet syýasaty durandygyny her pursatda duýmak bolýar.
Ogulsapar BABYLOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölümininiň esasy hünärmeni.