Ýüpde bökmek oýny, esasan, gyzjagazlaryň arasynda oýnalyp, iň gyzykly oýunlaryň biri hasaplanýar. Bu oýny oýnamak üçin gymmat sport esbaplaryny almak hökman hem däl. 6-7 ýaşdan uly çagalara niýetlenen bu oýnuň birnäçe görnüşi bolup, isle bir özüň, isle köplük bolup oýnasaň hem bolýar. Ýeke özüň oýnanyňda, öňlügine, yzlygyna we ýüpi çaprazlaýyn tutmak arkaly oýnasaň bolýar. Köplük bolup oýnalanda, ýüpüň her ujundan bir çaga tutýar. Bu ýüp ýekelikde bökülýän ýüpden has uzyn bolmalydyr. Beýleki çagalar gezekli-gezegine orta girip, yzygiderli aýlanýan ýüpden bökýär. Ýüpüň aýlanyş tizligi ýuwaş-ýuwaşdan artdyrylyp, oýun has kynlaşdyrylýar. Ýaryş görnüşinde geçirilýän bu oýunda aýagy ýüpe degen oýunçy oýundan çykyp, ýüpi tutýanlaryň biri bilen ýerini çalyşýar.
Ýüpde bökmek diňe bir oýun hasaplanman, eýsem ol beden üçin iň peýdaly maşklaryň biri hasaplanýar. Her günde bary-ýogy 5 minut ýüpde bökmegiň uly peýdasy bardyr. Bu türgenleşik aýaklary güýçlendirýär, dem alyş we ýürek-damar ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar, muskullary berkidýär, ruhy saglygy gowulandyrýar, bedeni taplaýar, hereketsizlik zerarly ýüze çykýan keselleriň öňüni alýar.
Selbi TÄJIMYRADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky daşary
ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň
12-nji synp okuwçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.