ÝAŞLAR DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJÜDIR

2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp mugallymlaryň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň Awazada ýakynda geçiriljek ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky taryhy çykyşy dogrusynda bellenildi. Bu halkara maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Sungaty ykbal edinen ýaşlarymyz dürli ugurlarda ylham baýlygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklerine goşant goşmaklyga bagyşlaýarlar. Olaryň döredijilikli zähmetini synlanyňda, türkmen edebiýatyna, medeniýetine we sungatyna uly geljegiň garaşýandygyna bolan ynamyň goşalanýar» diýip belleýär.

Mugallymlar çykyşlarynda geçiriljek çäreler toplumynda ýaşlar forumyny aýratyn bellediler. Ýagny, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşinde, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaşlaryň eýeleýän ornunyň, olar hakynda edilýän alada döwlet Strategiýasynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň birine öwrülendigini aýtdylar. Kabul edilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy ýaşlarymyzyň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça dowam etdirilýän asylly işler barada beýan edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary bilim alýan zehinli ýaşlarymyzyň döwlet we halkara derejesindäki döredijilik, ylmy we ders bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri hakynda bellenilip geçildi.

Täze taryhy eýýamda rowaçlanýan özgertmelerden, milli ýörelgelerimizden ruhlanyp işlemäge, ýaşlara bilim-terbiýe bermäge we olary watançy şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 113 okalan

HALKARA MASLAHATA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

21 Iýul 2025 | 65 okalan

WELOSPORT: TEBIGAT BILEN SAZLAŞYK