HALKARA MASLAHATA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde degişli Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň we halkara giňişliginde möhüm ähmiýetiniň ýene bir subutnamasy boldy. Bu Kararnama dünýäniň 57 döwleti awtordaş hökmünde çykyş etdi.

Şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda wekiliýetleri mynasyp garşy almak we dabaralary ýokary derejede geçirmek maksady bilen daşary ýurt dillerinde erkin gepleýän talyp ýaşlar bu işe işjeň gatnaşýarlar. Şu nukdaýnazardan, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryndan ybarat iş topary döredildi we anyk maksatlar kesgitlenildi. Şeýle hem daşary ýurt dillerini gowy bilýän meýletinçiler saýlanyp alyndy.

Dostluk konserti we milli tagamlaryň festiwaly ýaly çäreler maslahatyň çäginde aýratyn orun eýelär. Maslahatyň çäginde halkara ýaşlar forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda meýletinçiler hem-de terjimeçiler üçin dil taýýarlygy boýunça okuwlar geçirilýär, düzgünlere laýyklykda çäreleriň geçirilmegi üçin taýýarlyk maksatnamasy düzüldi. Şeýle hem ýaş žurnalistleriň halkara wakalary köpçülige ýetirmegi bilen baglanyşykly meýilnama taýýarlanylýar. Okuwlarda ýaşlar bu halkara forumy bilen bagly zerur maglumatlary alýarlar.

Habib HALMAMEDOW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar