MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ MUGALLYMLARY «IŇ GOWY YLMY MAKALA – 2025» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDULAR

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň «Hazar ylmy žurnaly» atly ylmy neşiri bilen bilelikde ýola goýan «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara ylmy-barlag bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Gözden geçirilişiň netijelerine görä, türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň ylmy makalalary bäsleşigiň «Psihologiýa. Pedagogika» ugurlarynda iň gowy iş diýlip ykrar edildi.

Emin agzalarynyň karary bilen bu ugurlarda türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gülruh Gurbanowa we şol kafedranyň mugallymy Aýjemal Hajyýewa, şeýle hem psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary Ýazgurban Işanowa, Söýli Orazowa we pedagogika kafedrasynyň mugallymy Meretdurdy Meretdurdyýew dagy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Iň gowy ylmy makalalaryň awtorlary ýeňiji diplomlary bilen sylaglandy. Bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň teklibi bilen türkmen mugallymlarynyň işleri «Hazar ylmy žurnaly» atly ylmy neşirinde çap edilmäge we Russiýanyň Ylmy sitirleme indeksiniň (RYSI) maglumat binýadyna ýerleşdirilmäge hödürlendi.

Bäsleşik psihologiýa, pedagogika, tehnosfera howpsuzlygy, maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýanyň, Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim edaralarynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň we ylmy işgärleriniň 50 töweregi ylmy işleri hödürlendi.

turkmenistan.gov.tm