BMG-NIŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLAR BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞYNA GALAN WAGT HASAPLANYP BAŞLANDY

Şu tomsuň möhüm halkara wakalarynyň biri – Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) başlanmagyna sanlyja gün galdy. Uly göwrümli bu forum 4–8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Maslahatyň resmi saýtynda eýýäm wagt hasaplaýjy işe girizildi.

Halkara forumyň çärelerini beýan etmek üçin ýörite döredilen maglumat çeşmesi üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir. Ol Türkmenistan, şeýle hem onuň suw, ulag we ekologiýa diplomatiýasy barada iň wajyp maglumatlary hödürleýär.

Saýtyň bölümleri maslahatyň esasy çäreleri barada materiallar berýär. Olaryň arasynda ministrleriň Günorta–Günorta hyzmatdaşlygy boýunça duşuşygy, raýat we hususy pudak forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem parlament we ýaşlar forumy bar. Mundan başga-da, metbugat wekilleri we ähli gyzyklanýan şahslar üçin metbugatnamany we iň soňky habarlary öz içine alýan aýratyn bölüm göz öňünde tutulypdyr.

Saýt maslahatyň resmi maglumat çeşmesi bolmak bilen, bu çäre, onuň maksatnamasy barada wajyp maglumatlary, şeýle hem LLDC3 sergisi we ugurdaş wakalar bilen baglanyşykly soraglara jogap berýär.

turkmenistan.gov.tm