Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
WATANYMYZY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMEGIŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE
18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleriň, şol sanda şu ýylyň awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, parlament forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Amanbagt KÖMEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.