BAGTYÝAR KÖRPELER BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli etrabyň 5-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda «Gül çagalar — gül Watanyň geljegi» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.

Ýaryş sportuň ylgamak, futbol, basketbol görnüşleri boýunça dowam edip, körpejeler erjellik we tutanýerlilik bilen bäsleşip, özleriniň sporta bolan söýgüsini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde ýeňiji bolan we gatnaşan körpeleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň işgärler işi boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN SPORT BÄSLEŞIKLERI

23 Iýun 2025 | 1 okalan

KITAP — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

HER BIR SÖZÜŇ EDEP MAŇA