Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Gara-Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen çagalaryň arasynda «Hazaryň gujagynda bagtly çagalar» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.
Netijede, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dynç alýan çagalar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýramgül HEMRAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Hazar şäherçe bölümçesiniň
baş hünärmeni.