Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda Bereket etrap sport mekdebinde, sportuň erkin göreş görnüşini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 2007/2010-njy we 2011/2013-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda 20,23,25,29,32,37,42,48,53,60 kg agram derejelerinde sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
Bäsleşik örän çekeleşikli bolup, gatnaşyjylara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport ulgamyny has-da kämilleşdirmäge uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Bereket etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.