Her ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne dünýä jemgyýetçiligi Halkara Parahatçylyk gününi belleýär. 2001-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisinde Halkara Parahatçylyk gününi her ýylyň 21-nji sentýabrynda bellemek karar edildi. Bu sene agzybirligiň, ylalaşmagyň, özara hormat goýmagyň we döwletler hem halklar arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhümdigini ýatladýar.
Her ýylyň 21-nji sentýabrynda BMG tarapyndan dürli çäreler geçirilýär, agaç nahallary oturdylýar, sport çäreleri gurnalýar, okuw jaýlarynda surat bäsleşikleri geçirilýär. Bu halkara gününiň esasy maksady halklaryň arasynda asudalyk, ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr.
2007-nji ýyldan bäri Halkara Parahatçylyk güni her ýyl belli bir şygar astynda geçirilip, esasan hem, howpsuzlyk, parahatçylyk, durnukly ösüş, ýaşlar, bilim, adam hukuklary ýaly mowzuklara degişlidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýan ata Watanymyz bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde beýik başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Goý, bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak mundan beýläk hem dabaralansyn!
Nigara GÜNDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.