Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda toýlar toýa ulaşýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.
Şeýle wakalaryň arasynda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanyp geçirilen köpugurly sergi mysal bolup biler. Bu täsirli sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň ýerine ýetiren amaly-haşam sungaty, keramika, zergärçilik, dizaýn işlerine degişli bolan eserleri, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket görnüşleri sergilenip görkezildi.
Döwran AKGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.