ÝOL HEREKETINIŇ KADALARYNY ÝERINE ÝETIRMEKLIK HEMMÄMIZIŇ BORJUMYZDYR

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň Tikin fabriginde zähmet çekýän ýaş dokmaçylaryň gatnaşmaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde «Ýol hereketiniň kadalaryny ýerine ýetirmeklik hemmämiziň borjumyzdyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu ýerde çykyş edenler, ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsyzlygyny üpjün etmek, agyr ýol ulag hadysalarynda bolup geçýän heläkçilikleriň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça geçirilýän giň gerimli işler bilen bagly çykyşlara aýratyn uly orun berilip, ýaş dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat işleriň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler Türkmenistan döwletimizi erkana, parahat, bolelin durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam

boýunça hünärmeni.

Öňki makala

SUNGAT BIR JADYDYR

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 20 okalan

SUNGAT BIR JADYDYR

18 Sentýabr 2025 | 28 okalan

DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN SANLY TEHNOLOGIÝALAR