DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGI

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda köp sanly medeni gatnaşyklar, uly depginde geçirilýän çäreler alnyp barylýar. Şanly ýylymyzda her bir ulgamda halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler özüniň ajaýyp miwesini berýär. Ýurdumyzda gazanylýan  ösüşler, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden, ýurt berkararlygyndan gözbaş alýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň toýlanyljak gününiň öňüsyrasynda 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI Maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan birnäçe zehinli talyp ýaşlaryň diplom işi esasynda ýerine ýetiren ajaýyp eserleri gurnaldy. Sergide häzirki zaman milli sungatymyza degişli eserler myhmanlaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Eserler nakgaşlyk, zergärçilik, keramika, şeýle hem halyçylyk sungatyna degişli bolup, milli sungatymyzy wasp edýär.

Ogulgerek ÇOLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”

kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2025 | 23 okalan

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGI

16 Sentýabr 2025 | 29 okalan

ÝOLYŞYK — BIZIŇ DOSTUMYZ