Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden dabaralanýan Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-bilim-ösüşleriň binýady» atly şygar astynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Nebitgazylmytaslama» institutynda geçirilen maslahata institutyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda edilen buýsançly çykyşlarda täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanýan üstünlikleri, şeýle hem ylmy goldamak we bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda amala aşyrylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Ylymlar güni mynasybetli «Nebitgazylmytaslama» institutynda zähmet çekýän göreldeli işgärlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hakmyrat KIŞJIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit»
döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.