Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap bedenterbiýe we sport mekdebiniň bilelikde guramagynda Esenguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebine gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda etrabyň birinjiligini almaklyk ugrunda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça sport ýaryşy geçirildi.
Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşlerine bolan höwesini artdyrmak, olaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen bu ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşan ýaş türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.