GARAŞSYZLYK – MILLI BUÝSANJYMYZDYR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap 2102 harby bölüminde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyklar dogrusynda, şeýle-de mejlisde halkymyzyň bagtyýarlygyny berkarar etmekde döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirilýändigi barada wagyz-nesihat duşuşygynda buýsanç bilen bellediler.

Mundan başga-da güneşli diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda Watanymyzyň asudalygyny üpjün edýän, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem, harby gullukçylaryň we işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigi, häzirki wagtda, biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly edip ýetişdirmek babatdaky alnyp barylýan işleriň, özüniň oňyn netijelerini berýändigi barada duşuşygyň dowamynda nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlary eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Humaý ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 15 okalan

GARAŞSYZLYK – MILLI BUÝSANJYMYZDYR

17 Sentýabr 2025 | 32 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY