FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Merdana» myhmanhanasynyň sport meýdançasynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri maksady bilen, 2014-2016-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik örän şadyýan we gyzgalaňly geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Olar, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 10 okalan

YLYM-BILIM - ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

16 Iýun 2025 | 9 okalan

FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

16 Iýun 2025 | 22 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY