TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda ýurdumyzda giňden dabaralanýan Ylymlar güni mynasybetli «Ylym — bagtyň açarydyr» atly şygar astynda dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli kämil ýaşlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle hem röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda söhbet edilip, oňa gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, halal zähmet çekmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şadurdy GOWŞAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 10 okalan

YLYM-BILIM - ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

16 Iýun 2025 | 9 okalan

FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

16 Iýun 2025 | 22 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY