Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.
Sport çäresiniň dowamynda çagalar «Galkynyş» we «Deňiz» toparlary özara bäsleşdiler. Çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik beren bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolanlara we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylymly-bilimli, milli ruhda terbiýelenen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Annagül BEGNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.