TÄSIR GALDYRAN WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Balkan welaýat hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş, sagdyn ýörelge» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýola goýmak babatda, raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda söhbet etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesliň ýokary ahlakly, zähmetsöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sähragül IŞANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 40 okalan

YLYM-BILIM - ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

16 Iýun 2025 | 44 okalan

FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

16 Iýun 2025 | 50 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY