Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýaş nesilleriň ähli taraplaýyn ösen, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olary arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň hormatly il sylagly ýaşulysy, kümüş saçly mährem ene çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri üçin giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.