Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçirildi.
Festiwala gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň hem-de dünýä ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlary, tans toparlarynyň wekilleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» myhmanhanasynda garşy alyndy.
Soňra bolsa Hökümet agzalarynyň, halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet we sungat işgärleriniň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda «Awaza» akwaparkynyň sahnasynda festiwalyň açylyş dabarasy geçirilip, ol ýerde dürli halklaryň saz sungatynyň köpöwüşginliligi öz beýanyny tapdy, milli aýdymlar ýerine ýetirilip, gadymdan gelýän däpleriň özboluşlylygy tomaşaçylara ýetirildi.
Festiwalyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga, ylmy, medeniýeti we sungaty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan edip, Alkyşnama aýdymyny ýerine ýetirdiler.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.