GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIKLER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýatyň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «El hünäri — il gezer» atly şygar astynda dynç alýan gyzjagazlar bilen türkmeniň el işleri boýunça hem-de oglanlaryň arasynda «Sagdyn nesilde, sagdyn ruh» ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşikler geçirildi.

Sport bäsleşiginiň dowamynda oňa gatnaşan çagalar öz deň-duşlaryndan saýlanyp biri-biri bilen çekeleşikli bäsleşdiler. Gyzjagazlar bolsa milli el işlerini ýerine ýetirip, şeýle hem kagyzdan dürli şekilleri ýasap wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Bäsleşikleriň netijeleri boýunça ýeňiji bolan çagalary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapynda ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy, mynasyp bilim-terbiýe hem-de göwnejaý dynç almagy ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Enebike ANNAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 10 okalan

YLYM-BILIM - ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

16 Iýun 2025 | 9 okalan

FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

16 Iýun 2025 | 22 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY