Günleri bir-birinden zyýada eziz Diýarymyza çagalaryň söýýän pasyllarynyň biri bolan tomus pasly hem ýetip geldi. Bu pasyl her bir körpejäniň aňynda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrýar. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we guramaçylykly geçirmegini gazanmak maksady bilen, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan «Arkadagly nesiller» çagalar dynç alyş merkezinde aýdym-sazly dabara geçirildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda körpeje nesiller bagtyýar çagalygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimizi, onuň belent ösüşlerini wasp edýän joşgunly goşgudyr-aýdymlary, şeýle hem ajaýyp tanslary ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Bägül BOÝALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap
Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.