Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiliginiň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň, halkymyzyň döredijilik paýhasynyň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyz dogrusynda hem döwlet tarapyndan uly işler alnyp barylýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” başlanýan günlerinde Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Watanymyza bedew batly ösüşleriň, rowaçlyklaryň ýaran boljakdygyny buşlaýar. Bu toparyň gazanan üstünliklerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 3 million manat we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýraklary, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan toparyň agzalaryna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sapaly tomsuň ilkinji günlerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine dynç almaga gelmegi aýratyn bir şatlyk-şowhuna, joşguna beslendi. Ir säher bilen “Daýanç” sagaldyş merkezinde toparyň agzalarynyň, şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň birinji tapgyry baýramçylyk nygmatlary we şowhunly çäreler bilen garşylanyldy.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamasy esasynda, Awazanyň gözel künjeklerine gämide syýahat, seýilgählere gezelençler gurnalýar, şeýle-de toparyň agzalary bilen ýaş nesilleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Dynç alşyň dowamynda “Galkynyş” toparynyň agzalary “Daýanç” sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen duşuşyp, olar bilen sorag-jogap söhbetdeşligi geçirildi. Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda toparyň agzalary özleriniň alyp barýan işleri, gazanylan üstünlikler, ajaýyp ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Körpe nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, tomus dynç alşyny gyzykly we şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.